Soňky habarlar

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýurt ba­şy­na geç­me­gi bi­len, türk­men spor­ty tä­ze be­lent­lik­le­ri na­zar­lap, bar­ha ös­ýär. Sport bäs­le­şik­le­ri­niň hem-de okuw-mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da­ky öz­gert­me­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup, sport ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň has-da iler­le­me­gi­ne oňyn şert dö­red­ýär. Bi­rek-bi­rek bi­len pi­kir alyş­mak, ha­ly­pa­la­ryň tür­gen­le­re ber­ýän mas­la­hat­la­ry hem esa­sy or­na geç­ýär. Hü­när­men­ler­dir tür­gen­le­riň saz­la­şyk­ly iş­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler öz mi­we­si­ni hem ber­ýär.

23-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport mek­dep­le­ri­niň mü­dir­le­ri­niň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sar­la­ry bi­len okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­den ge­len hü­när­men­le­ri bir ýe­re ýyg­nan okuw-mas­la­hat paý­tag­ty­myz­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lyn­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Maslahaty Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow açdy.Tä­sir­li çy­kyş­lar­dyr de­ger­li mas­la­hat­la­ry bi­len ýat­da ga­lan okuw-mas­la­hat­da il­ki bi­len Türk­me­nis­ta­nyň do­pin­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mil­li agent­li­gi­niň baş­ly­gy Re­sul Ça­ry­ýew Türk­me­nis­ta­nyň olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ila­tyň ara­syn­da ýaý­baň­lan­dyr­mak we do­ping sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da gür­rüň ber­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň Sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Täç­my­rat Ma­za­kow ýur­du­my­zyň sport mek­dep­le­ri­niň 2019 – 2020-nji okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy hem-de tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry bi­len ge­çi­ril­me­li iş­ler ba­ra­da du­rup geç­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň Usu­ly­ýet ka­bi­ne­ti­niň mü­di­ri Ka­ka­gel­di Işa­now sport mek­dep­le­rin­de dö­re­dil­me­li usu­ly­ýet otag­la­ry we ola­ryň ab­zal­laş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da çy­kyş et­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da tä­ze sport mek­dep­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. K.Işa­now ýyg­nan­anla­ryň öňün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ösüş ýo­lu­na dü­şen türk­men spor­tu­nyň gel­je­gi ha­sap­lan­ýan ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­le­riň nus­ga­lyk­dy­gy­ny bel­läp, usu­ly­ýet otag­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, ola­ryň ab­zal­laş­dy­ry­ly­şy­ny dog­ry gur­na­ma­gyň usul­la­ry ha­kyn­da gür­rüň ber­di.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň usu­ly­ýet ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň 7-nji sport mek­de­bi­niň usu­ly­ýet­çi­si S.Re­je­pow sport mek­dep­le­rin­de res­mi­na­ma­la­ryň ýö­re­di­li­şi ha­kyn­da öz tej­ri­be­le­ri­ne sal­gy­la­nyp gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. El­bet­de, sport ýur­du­na öw­rü­len Di­ýa­ry­myz­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­möç­ber­dir. Ýaş nes­liň ta­la­ba­la­ýyk bi­lim al­ma­gy, ola­ryň saý­lan sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni wagt­ly-wag­tyn­da ge­çir­mek­le­ri hem res­mi­na­ma­la­ryň dog­ry ýö­re­di­li­şi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ba­bat­da ýö­ri­te bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi­niň özi-de, şol ne­ti­je­ler­den ge­lip çyk­ýan ýag­daý­dyr. S.Re­je­pow soň­ra ýur­du­my­zyň sport mek­dep­le­ri­niň tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry ta­ra­pyn­dan ýö­re­dil­me­li res­mi­nam­a­lar ha­kyn­da hem gür­rüň ber­di.

Okuw-mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň Usu­ly­ýet ka­bi­ne­ti­niň mü­di­ri K.Işa­now Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň iş do­lan­dy­ryş res­mi­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Şeý­le hem, bu ýe­re ýyg­na­nan hü­när­men­ler mek­de­biň usu­ly­ýet ota­gy­na ba­ryp gör­dü­ler.

Biz bu ýer­de okuw-mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň mü­di­ri­niň orun­ba­sa­ry Nä­zik Ama­no­wa hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty Baş mü­dir­li­gi­niň 5-nji sport mek­de­bi­niň mü­di­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri­je­mal An­na­ýe­wa bi­len gür­rüň­deş bol­duk. Tej­ri­be­li hü­när­men­ler bu okuw-mas­la­ha­tyň hem-de usu­ly­ýet otag­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­dy­lar. Şeý­le-de, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sport ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň bi­möç­ber­di­gi barada biragyzdan bellediler.