Awtomobil sporty giňden ýaýran sport görnüşleriniň biridir. Dünýäde her ýyl geçirilmegi ýola goýlan belli-belli ralli ýaryşlary bar. Şolaryň, megerem, iň gyzyklylarynyň biri hem «Mongol-ralli» bolsa gerek. Bu ýaryşyň şerti 10 müň kilometr çemesi ýoly hereketlendirijisiniň göwrümi 1 litrden geçmeýän taryhy ulaglarda, özi hem hiç hili kömekçi toparlarsyz geçmekden ybaratdyr.
Adatça bolşy ýaly, halkara ýaryşy şu ýyl London şäherinde badalga aldy. Gyzykly wakalara baý boljak bu ralli Russiýa Federasiýasynyň Ulan-Ude şäherinde tamamlanar. Onuň esasy aýratynlygy bolsa onda bellenen takyk ugruň ýoklugyndadyr. Ýaryşa gatnaşyjylar iň soňky menzile islän ýolundan baryp bilýärler. Ýewraziýa Rallisine öwrülen bu ýaryşa gatnaşmak üçin şu ýyl 700 adam (50-si zenanlar) isleg bildirdi.
Ýakynda «Mongol-ralli — 2019-yň» iki topary Türkmenistana geldi. Olaryň ilkinjisine Beýik Britaniýanyň raýatlarynyň dördüsi wekilçilik edýär. Dostlar Jami, Jeýms, Jek we Piter Türkmenistana Eýranyň üsti bilen geldi. Täsin nusgawy ulaglarda gelen myhmanlar «Garagum ýalkymyna», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna hem baryp gördüler. Londondan bellenen sepgide 70 günde baryp ýetmegi meýilleşdirýän awtosöýüjiler türkmen myhmansöýerliginiň özlerinde uly täsir galdyrandygyny aýratyn bellediler.
Türkmenistana Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly gelen ikinji topara zenanlar – Raçel Awruh, Adina Korn we Alisiýa Şnaýder wekilçilik edýär. «Mongol-ralliniň» sürüjileri Türkmenistandan soňra Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Gazagystana hem baryp, ol ýerden hem Russiýa Federasiýasyna ugur almagy göz öňünde tutýarlar. Ysraýyldan badalga alan zenanlar bellenen sepgide çenli jemi 19 döwletiň çäginden geçerler.
Elbetde, sporta uly üns berilýän ýurdumyzyň içinden şeýle syýahatlaryň ýol salmagy guwandyryjy ýagdaýdyr