Soňky habarlar

Aşgabadyň janköýer zolaklary sport dabaralarynyň merkezidir

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary janköýer zolaklaryna Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň howasyndan dem almak we sport tolgunmalarynyň merkezinde bolmak üçin barýarlar. Şeýle-de, talyplar ajaýyp sport dünýäsine aralaşmak üçin janköýer zolaklaryna baryp görýärler.

Janköýer zolaklarynyň esasy merkezleri, Olimpiýa şäherçesindäki «Turgenler» myhmanhanasynda, şeýle-de «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýerleşýär.

Aşgabatda geçirilýän Kuraş göreş boýunça dünýä çempionaty diňe bir sport muşdaklary üçin baýram bolman, eýsem türkmen halkynyň myhmansöýerligini hem wagyz etmäge mümkinçilik döretdi.

Janköýer zolaklary bu täsin waka şaýat bolanlaryň hemmesiniň hatyrasynda yz galdyrar.

www.turkmentv.gov.tm