25-nji noýabrda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň meýilleşdirilen çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.
Ilki bilen saga 09: 00-dan 12:00-a çenli Dopinge garşy halkara barlag gullugynyň (ITA) guramagynda, tälimçiler üçin seminar geçirildi. Soňra 14:00-dan 18:00-a çenli Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň kongresi bolup geçdi.
Agşam (19:30-dan 20:30-a çenli) Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy.
Öňde Çempionatyň aýgytlaýjy pursatlary: pälwanlaryň özara tutluşyklara girişjek pursatlary bar. Meýilnama laýyklykda, bu oýunlar 27–28-nji noýabrda geçiriler.
Mamagül JORAÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, meýletinçi.