Soňky habarlar

Işler guramaçylykly barýar

Şu günler paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin agzybirlikli we sazlaşykly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen Guramaçylyk komitetiniň jogapkär wekilleri Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň hünärmenleri bilen birlikde ýaryşlaryň tertibini kesgitlemek, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýygnagyny geçirmek ýaly işleri guramaçylykly ýerine ýetirdiler.

Geçen günleriň dowamynda Guramaçylyk komitetiniň wekilleri tarapyndan Dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň milli ýygyndy toparlaryny hasaba almak, türgenleşiklerden we çärelerden boş wagtlarynda myhmanlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýörite maksatnamalar esasynda Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça gezelençleri guramak işleri dowam edýär.

Öňdäki günlerde Dopinge garşy halkara barlag gullugynyň (ITA) guramagynda, tälimçiler üçin seminar geçirmek, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň kongresine gatnaşmaga taýýarlyk işleri bar. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna hem taýýarlyk doly depginde alnyp barylýar.

Çempionatyň aýgytlaýjy pursatlary: pälwanlaryň tutluşyklary 27 ― 28-nji noýabrda geçiriler.

 

Çemen ARAMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy

hünäriniň 1-nji ýyl talyby.