Soňky habarlar

Assosiasiýanyň ýygnagy geçirildi

23-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýygnagy geçirildi.

Ýygnak Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň mejlisler zalynda sagat 18-den 20-ä çenli dowam etdi. Şoňa çenli günüň dowamynda bu ýere resmi wekiliýetleriň agzalary, türgenler geldiler. Paýtagtymyzyň myhmanlary milli myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda garşylanyldy.

Ýygnakda bäş günläp dowam etjek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasyna girýän çäreleriň we oýunlaryň tertibi kesgitlenildi. Olaryň her biriniň geçirilmeli wagty, gatnaşýanlaryň öz orunlaryna gelenligi we taýýarlyk ýagdaýlary bilen gyzyklanyldy.

 

Annamyrat HALMEDOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň talyby, meýletinçi.