23-nji noýabrdan 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Bu gün iri sport ýaryşyna myhmanlar we oňa gatnaşyjylar ak mermer paýtagtymyza gelýärler.
Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasyndaky, paýtagtyň merkezi köçelerindäki we LED ekranlaryndaky «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar myhmanlary garşy alýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden sport guramalarynyň wekilleriniň gatnaşjak açylyş dabarasy geçiriljek Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde bu sport wakasyna ykjam taýýarlyk görülýär.
Aşgabada ilkinji bolup gelenleriň arasynda Kuraş halkara assosiasiýasynyň (IKA) baş sekretary Mohammad Reza Nassiri Nejata (Eýran) we Kuraş halkara assosiasiýasynyň wekili (IKA) Fatemeh Eslami (Eýran) bar.
Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçylary we işgärleri bilen duşuşyp, paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän söweş sungaty sport toplumynyň işi bilen tanyşdylar. Çempionatyň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin paýtagtyň myhmanhanalarynyň işgärleriniň we sport meýletinçileriniň hünärlerini ýokarlandyrmak babatda köp işler edildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda meýletinçiler üçin okuw seminary geçirildi.
Dünýä çempionatyna petekleri daşary ýurtly janköýerler we ýurdumyzyň ýaşaýjylary hem satyn alyp bilerler. Häzirki wagtda petekler Olimpiýa şäherçesiniň kassalarynda, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde (1-nji gatda) we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde (2-nji gatda) satylýar.