Paýtagtymyzdaky Olimpýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Halypa tälimçiler, professor-mugallymlar tarapyndan olaryň ylmy esasda taýýarlyklaryna hem aýratyn üns berilýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sportuň göreş görnüşleri» kafedrasynyň mugallymlary Döwletgeldi Jumaýewiň, Welmyrat Hojamyradowyň, Rahat Kurbanowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Dörtguly Jumaýewiň bilelikde taýýarlamaklarynda, «Sportuň kuraş görnüşiniň nazaryýeti» atly okuw kitaby çap edildi.
Kitapda başa-baş söweş sungatynyň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan kuraş boýunça Türkmenistanda we dünýä möçberinde ýaryşlaryň geçiriliş tärleri, usullary barada gyzykly maglumatlar jemlenipdir. Şeýle-de onda kuraş boýunça ýaryşlary geçirmegiň häsiýeti we usullary, ýaryşa gatnaşýan türgenler, olaryň özlerini alyp baryşlary, ýaryşlara eminlik etjek eminleriň iş düzgünleri, ýaryşlaryň geçiriljek ýerleriniň amatly hem göwnejaý bolmagy bilen baglanyşykly giňişleýin we gyzykly bilim maglumatlaryna giň orun berlipdir.
Gülnur BAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.