Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Kuraş boýunça dünýä çempionatyna sanlyja gün galdy

2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty binasynda 14-nji Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Bäsleşige 70-den gowrak ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşar.

Türkmenistandan 2023-nji ýyldaky Kuraş dünýä çempionatyna 15 türgen (7 erkek we 8 aýal) gatnaşar.

2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanda Kuraş boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama gol çekmek dabarasynyň geçirilendigini ýatladýarys.

www.turkmenistaninfo.gov.tm