Soňky habarlar

Hazar hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde günsaýyn galkynýan Watanymyzyň mümkinçilikleri bütin dünýäniň ýokary bahasyna eýe bolýar. Çünki ykdysady taýdan kuwwatly hasaplanylýan döwletimiz halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzyň iň iri dünýä ähmiýetli çäreleri geçirmekdäki hem-de guramakdaky tejribesi we mümkinçilikleri bolsa gözel Diýarymyzyň halkara abraýyny kepillendirýär. Ine, ýakynda ýurdumyzda Watanymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hem-de şonuň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda guralan «Hazar: innowasion tehnologiýalar» halkara sergisi we «Türkmen sährasy – 2019» awtosergisi hem Watanymyzyň şeýle iri mümkinçiliklerini dünýä aýan etdi.

Täze taryhy başlangyç hökmünde kabul edilen iri çäräniň diňe ykdysady taýdan däl, eýsem, ähli ugurlarda hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň nusgasyna öwrülendigi onuň halkara ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen dünýä ähmiýetli çäre – birinji Hazar ykdysady forumy taryhy çözgütleriň, ajaýyp netijeleriň, hyzmatdaşlyklaryň hem-de teklipleriň utgaşmasy hökmünde dünýäniň ünsüni Diýarymyza gönükdirdi. Ine, şu sebäpden hem, onuň bütin dünýäniň ýokary bahasyna eýe boljakdygy şübhesizdir.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibiniň kenarýaka ýurtlaryň hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny özünde jemländigi onuň ähmiýetiniň sebit derejesinden has giňdigini subut edýär. Onuň ýurdumyzda geçirilmegi bolsa Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň, şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnamasyna öwrüldi. Galyberse-de, Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna taryhy sahypa hökmünde girjek forumyň sebitiň dünýäniň galan bölegi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi, dünýä möçberinde Hazaryň mümkinçiliklerini doly açmagy ugur edinendigi aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen bu iri çäre netijeli hyzmatdaşlyklaryň ençemesiniň gözbaşy boldy. Giň göwrümli çärä belent mertebeli myhmanlar–Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdy. Forumyň dabaraly mejlisine hormatly myhman hökmünde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy. Taryhy forumyň dünýä derejesindäki ähmiýetini subut eden wakalaryň biri-de onuň işine dürli döwletleriň wekiliýetleri bilen birlikde BMG-niň we onuň esasy düzümleriniň, GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, şeýle hem, iri maliýe-bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen baglydyr. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary hem bar. Türkmen tarapyndan bolsa Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Ýokary derejeli forumyň dabaraly açylmagy bilen hormatly Prezidentimize söz berildi. Gahryman Arkadagymyz birinji Hazar ykdysady forumyny çagyrmak hakynda türkmen tarapynyň başlangyjyny goldandygy üçin, Hazarýaka ýurtlaryň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu teklip ählumumy we sebit ösüşiniň häzirki zaman prosesleriniň, möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň onda eýeleýän ornunyň çuňňur seljermesiniň netijesi boldy.

 Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys diýip, nygtan hormatly Prezidentimiziň «Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip atlandyrýarys» diýmegi milli Liderimiziň bäş döwleti birleşdirýän deňziň mümkinçiliklerine we ähmiýetine berýän ýokary bahasynyň nyşanyna öwrüldi.

Hazaryň kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýändigini nygtan milli Liderimiz birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çäginiň gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa – Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedigini aýtdy. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle ýagdaý geografik azimutlaryň dördüsi boýunça hem durnukly ugurlary döretmek mümkinçiliklerini açýar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda foruma gatnaşyjylaryň ünsi Hazar sebiti logistika merkezini döretmek pikirine çekildi. Şol merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda biziň bilelikdäki işimizi utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidir diýip, Arkadag Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar diýmegi türkmen tarapynyň dünýä ähmiýetli oňyn maksatlarynyň beýanyna öwrüldi.

Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip atlandyrýarys diýip, Arkadag Prezidentimiz belledi. Sözüniň ahyrynda birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene bir gezek gutlan Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara berk jan saglyk, abadançylyk we geljekki işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Forumda Hazarýaka ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň çykyşlary diňlenildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, Hazar sebitiniň örän uly, köp babatda heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikleriniň geljegi uly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde giň mümkinçilikleri döretjekdigini bellediler. Şeýle-de, belent mertebeli myhmanlar söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, ulag, energetika we ekologiýa ugurlarynda bilelikde birnäçe çäreleri geçirmek boýunça tekliplerini hödürlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar özlerine berlen sowallara jogap berdiler. Ýeri gelende bellesek, türkmenistanly žurnalistler bilen bir hatarda, forumyň işini daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesiniň – habarlar agentlikleriniň, tele we radio kompaniýalaryň, gazetleriň, Internet-neşirleriň wekilleriniň beýan etmegi umumadamzat ähmiýetli forumyň derejesini şöhlelendirýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar zaldan çykýarlar. Şol gün döwlet Baştutanymyz birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Şondan soň birinji Hazar ykdysady forumy öz işini umumy mejlis görnüşinde dowam etdirdi. Mejlisde 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde üç müň töweregi adamyň gatnaşmagyndaky guralan okuw sapagynyň Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan geçirilen iň uly ekologiýa sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi yglan edildi. Şeýlelikde, «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlaryny doly goldaýandygyny belläp, dabaraly ýagdaýda degişli güwänamany gowşurdy.

Mejlisde edilen çykyşlarda Hazar deňzi sebitinde giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredýän, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljak birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Döwletleriň, halkara guramalarynyň, işewürler toparlarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň goşulyşylan toplumlaýyn strategiýasyny kemala getirmek barada işjeň söhbet edildi.

Günüň ikinji ýarymynda birinji Hazar ykdysady forumy ýörite bölümlerde dowam etdirilip, onda Hazar deňzi boýunça bellenen ugurlardaky hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy beýan edildi.

* * *

11-nji awgustda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çärelere badalga berildi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Halkara «Hazar: innowasion tehnologiýalar» sergisi we «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergi açyldy. Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem birnäçe çäreler, şol sanda Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet, ulag ministrleriniň hem-de işewürleriniň duşuşyklary geçirildi. Birža söwdalary guraldy. Gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklara, şeýle hem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifinge orun berildi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň öz işine başlan gününde – 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we foruma gatnaşyjylar «Hazar: innowasion tehnologiýalar» sergisine we «Türkmen sährasy – 2019» atly awtosergä baryp gördüler. Sergileriň gerimi, toplumlaýynlygy hem-de guralyşy daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary bahasyna eýe boldy. Göwrümi boýunça diýseň iri hasaplanylan gözden geçirilişde daşary ýurt kompaniýalarynyň 57-si we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň 62-si öz gazananlaryny görkezdiler. Onuň ähmiýeti hem-de many-mazmuny ylmyň we bilimiň üsti bilen ykdysadyýetiň we jemgyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bilen bagly bolup durýar.

Türkmenistanyň milli bölümine iň uly meýdança bölünip berlip, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli babatda gülläp ösýän ýokary ösen döwleti döretmek ugrunda amala aşyrýan strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapýar. Gerimi bilen hemmeleri haýran galdyrýan «Aşgabat-siti» binagärlik nusgasy serginiň gymmatlyklarynyň aýratyn bezegine öwrülipdir. Milli bölümde sporta hem uly orun berilýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň pawilýonynda milli sportumyzyň täze derejesi, türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri aýdyň şöhlelendirilýär. Ministrligiň diwarlyklarynyň hem-de pawilýonda ýerleşdirilen medallaryňdyr kuboklaryň hemmeleriň ünsüni çekmegi sport ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistanyň bu ugurdaky taryhy ädimleri bilen baglydyr.

Milli Liderimiz we myhmanlar türkmen pawilýonyndan başga-da, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň sergilerine syn etdiler. Şolaryň hatarynda ýokary tehnologiýaly harytlar hem-de innowasion kärhanalaryň hyzmatlary bilen birlikde milli ylmy-tehniki düzümiň nusgalary-da, ylmy-barlag we oýlap tapyjylyk merkezleriniň işläp taýýarlamalary-da, senagat taslamalary-da bar.

Hormatly Prezidentimiz we wekiliýetleriň baştutanlary «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtomobil sergä hem baryp gördüler. Şol ýerde dünýäniň awtomobil senagatynyň köne nusgadaky ulaglary we täze awtomobilleri sergä gatnaşyjylara görkezildi. Bu ýerde Russiýanyň «LADA» we «AURUS», şeýle hem, «KAMAZ» we «GAZ» awtoulaglarynyň görnüşleri hödürlenilipdir. Azerbaýjanyň «Azermaş» awtomobil zawody hem öz önümlerini görkezdi. Onuň çykaryp başlan «Khazar» ýeňil awtoulaglarynyň täze görnüşlerini synlamak ýakymly. Eýranyň «Iran Hodra», Özbegistanyň «UzAvto Motors», Belarusuň «MAZ» önüm öndürijileriniň dürli ulaglary-da awtosöýüjileriň ünsüni çekýär. Dünýäde ýokary hiliň, owadanlygyň hem-de ygtybarlylygyň nusgasy hasaplanýan german awtoulag önümçiliginiň gazananlary-da köpleriň gyzyklanmasyna eýe boldy. Bu «Mercedes», «Volkswagen», «BMW», «AUDI» kompaniýalarynyň nusgalarynda beýanyny tapdy. Ýapon awtomobil senagatynyň tejribesi «Toyota», «Lexus», «Mazda» we «Mitsubishi» kysymly maşynlar arkaly görkezildi. «Hyundai» Koreýa Respublikasynyň, «Youtong» awtobusy Hytaýyň awtoulag önümçiligi bilen tanyşdyrdy. Iňlis awtoulaglary amatlylyklary we zynatlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini sergide görkezilen «Bentleý» maşyny hem tassyklady. «Lamborghini» italýan kysymly gymmat sport awtomobili hem diýseň özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde awtoulaglar bilen bir hatarda 1966-njy ýylda çykarylan gymmatbahaly «Craysler» motosikl we welosipedleriň iň häzirki zaman nusgalaryny hem görmek bolýar.

«Mini» awtomobili sergide aýratyn orny eýeledi. Türkmenistanlylar üçin awtomobiliň bu kysymynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilip, diýseň uly taslama hökmünde dünýäniň nazaryny Watanymyza gönükdiren «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi bilen bagly rowaýatdygy bellärliklidir. Çünki Gahryman Arkadagymyz «Mini» awtoulagynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry bilen geçen iri awtomarafony açypdy.

Gyzyklylygy hem-de diýseň täsirliligi bilen hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapan awtoserginiň milli awtosportumyzyň taryhyna hem özboluşly ädim hökmünde girjekdigi şübhesizdir. Çünki bu ýerde geçen ýyl gözbaşyny Amuldan alyp, Garagum sährasynyň goýnundan Hazaryň kenaryna uzan halkara awtorallisinde çykyş eden kompaniýalaryň önümlerine hem duşmak bolýar. Awtosergidäki kompaniýalaryň köpüsiniň sport maksatly önümleri iri awtomobil ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanypdylar.

Galyberse-de, diýseň ýokary guramaçylygy bilen tapawutlanan nobatdaky halkara sergisi «Ýüpek ýoly - 2009» ralli-reýdini hem-de «Amul–Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary derejede geçirip, dünýäniň awtosöýüjileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan türkmen tejribesine täze öwüşgin çaýar. Çünki halkara awtoserginiň «Türkmen sährasy – 2019» diýlip atlandyrylmagy Garagum sährasynyň goýnundan menziller külterleýän awtoulaglaryň emele getirýän ajaýyp sazlaşygynyň hakydaňda janlanmagyna sebäp bolýar.

70-den gowrak awtoulaglar ýerleşdirilen bölümden başga-da bu ugurdaky sergi açyk asmanyň astynda ýaýbaňlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen diýseň ýokary derejede geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ajaýyp konserti boldy. Bu dabara gojaman Hazaryň asmanyny bezän ägirt uly feýerwerk bilen utgaşdy.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň, onuň çäklerindäki «Hazar: innowasion tehnologiýalar» halkara sergisiniň we halkara awtoserginiň netijeleri diňe Hazar sebitiniň däl, eýsem, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder.

 

(Gazet «Türkmen sporty»: 17.08.2019)