Soňky habarlar

Karate-do boýunça Türkmenistanyň Kubogy

«Olimp» orta sport mekdebinde geçirilen karate boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň Karate-do federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşna paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan 700 töweregi türgen gatnaşdy.

Halkara Karate federasiýasynyň (WKF) talaplary esasynda guralan bäsleşikler karate-donyň kumite hem-de kata görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyryldy. Agram hem-de ýaş derejeleriniň birnäçesi boýunça guralan duşuşyklar garaşylmadyk netijelere diýseň baý boldy.

Umumy hasap boýunça Aşgabat şäheriniň «Hemra» kluby ýeňiş gazandy. Bu toparyň türgenleri 6 altyn, 6 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. Balkan welaýatynyň «Çempion» topary (6 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medallar) ikinji orny eýelese, öňdäki üçlügi şol welaýatyň «Balkan» topary (5 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç medallar) jemledi.

«Türkmen sporty» gazeti.