Soňky habarlar

Çagalaryň tennis ýaryşy

Ata Watanymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, şol bir wagtyň özünde sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilip, sport ýaryşlary yzygiderli guralyp durulýar. Şeýle ýaryşlaryň biri «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ady bilen sportuň tennis görnüşi boýunça geçirildi. 

Bäsleşigiň dowamynda Gökderede ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalar özara güýç synanyşdylar. Ýaryş «Beýik Serdaryň nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi.
Tennis ýaryşynyň netijesi boýunça «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi 1-nji orna, M.Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi 2-nji orna, «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi 3-nji orna eýe boldy.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport-sagaldyş lageri, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaryşyň guramaçysy bolup çykyş etdiler.