Soňky habarlar

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Onuň dowamynda saýaly, pürli we miweli agaçlaryň nahallary oturdyldy.

Ählihalk bag ekmek çäresi ýurdumyzyň ekologiýa durkuny gowulandyrmaga we howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlary kadalaşdyrmaga ýardam eder.

 Häzirki wagtda Aşgabat bagy-bossanlyga bürenip oturan şäher hökmünde bellidir. Sebäbi howanyň yssy günleri saýaly baglaryň goýry kölegesi we suwçüwdürimleri gözel görnüşi emele getirýär.

Paýtagtymyzyň etegindäki ýerleri bezeýän ajaýyp daragtlar we halyny ýatladýan güller Aşgabat şäheriniň ajaýyp görnüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şeýlelikde, Köpetdagyň eteginde arçaly, saýaly we pürli agaçlaryň hatary uzaýar.

www.msy.gov.tm