«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň («7/24.tm») 75-nji sany okyjylara gowuşdy. Elektron goşundyda däp bolşy ýaly, günüň möhüm wakalary, sport we ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri we beýleki dabaralar öz beýanyny tapdy.
Häzirki döwrüň möhüm meselesi bolan saglyk bilen baglanyşykly çykyşlarda sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babata alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berilýär. «Welaýatlardan gowşan habarlar» bölüminde her bir welaýatda sporty we ýaşlar syýasatyny wagyz etmekde durmuşa geçirilýän işler şöhlelendirilýär.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň 3 dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylýandygy onuň dürli dillerde okaýan okyjylar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Elektron goşundynyň her sanynda Gurbangeldi Mämmetsähedowyň «Sport žurnalistikasy» diýen makalalar toplumy hem dowamly okyjylara ýetirlip durulýar.
Elektron neşiriň döredijilik toparyna mundan beýläk hem okyjylary gyzykly materiallar bilen begendirip durmagyny arzuw edýäris!
Elektron neşirde okyjylary gyzyklandyrjak habarlaryň başga-da ençemesine orun berlipdir.