Türkmenistanyň Prezidenti türkmen olimpiýaçylaryny gutlagy
Döwet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny gutlady
Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!
Mähriban türgenler!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Yhlasly türgenleşikleriň, yzygiderli taýýarlyklaryň, uly ynamyň hem-de eziz Watanymyza bolan beýik söýginiň ajaýyp nusgasy bolan bu şanly waka bagtyýar türgenlerimizde we ruhubelent ýaşlarymyzda, bütin halkymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýurdumyza ajaýyp üstünlik bilen dolandy. Bu üstünlik, ilki bilen, ýurdumyzda ýaş Olimpiýaçylary taýýarlamakda ähli tagallalary etmäge, giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir.
Ildeşimiz Polina Gurýewanyň Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmagy türkmen sportunyň şöhratly taryhyny dabaralandyrdy. Rowaç menzilleriň bu hoş habary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň iň naýbaşy sowgatlarynyň biri boldy.
Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi.
Ýurdumyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, örän gysga döwürde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bolsa Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen desgalaryň köp sanlysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi, şeýle hem dünýäde giňden ýaýran golf oýnuny ornaşdyrmak maksady bilen, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümleri döredildi.
Sport parahatçylyga, dostluga hem-de ösüşiň belentliklerine alyp barýan hereketdir. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem sport halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar, parahatçylygy dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, biz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýäris.
Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!
Mähriban türgenler!
Türgenlerimiziň dünýäniň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagy hem-de gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň halkara sport giňişliginde ýylsaýyn artýan abraýy Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Biz geljekde hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýänidir sporty, Olimpiýa hereketini ösdüreris. Bu ugurda milli maksatnamalarydyr toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçireris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdireris.
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara sport abraýynyň artmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Goý, halkara sport giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Döwlet baýdagy mundan beýläk-de belentde parlasyn!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.