Soňky habarlar

Ýaponiýaly gyz 13 ýaşynda Olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen skeýtbording ýaryşynda baýrakly orunlary eýelänleriň 3-siniň umumy ýaşy 42-ä deň boldy. Ilkinji 2 ýeri 13 ýaşly gyzlar Momiji Nişiýa (Ýaponiýa) bilen Raýsa Leal (Braziliýa) eýeledi. Bürünç medal gazanan ýaponiýaly gyz Funa Nakaýamanyň 16 ýaşy bar. Bu gezekki hormat münberine çykanlaryň Olimpiadalaryň taryhyndaky iň ýaş baýrak eýeleri hökmünde taryha girjekdiklerine hiç kim ikirjiňlenmeýär.

Nişiýa ähli Olimpiadalaryň rekordyny täzelemäge golaý bardy. Ol 1936-njy ýylda Berlinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda suwa bökmek boýunça çempion bolan germaniýaly Marjori Gestringden bary-ýogy 1 aý uly eken. Raýsa Leal çempion bolan halatynda şol rekord täzelenip biljekdi.

«7/24.tm»