Soňky habarlar

Türkmen atletleri Olimpiadanyň bosagasynda

Ýylyň iri sport wakasy boljak Tokio Olimpiadasynyň başlanjak wagtyna sanaýmaly gün galdy. Dünýäniň naýbaşy sport baýramy belent maksatlary nazarlaýan türkmen türgenleriniň üstünlige ýetmeli menzili bolup dur. Şunuň bilen baglylykda sportuň kesgitlenen görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, türgenleriň üpjünçiligini kämilleşdirmek we türgenleriň saglyk ýagdaýlaryny gözegçilikde saklamak maksady bilen lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak ýaly meseleler öz wagtynda çözülip, türgenlere ähli şertler döredildi.

Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenlerimiziň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak ugrunda türgenleşikleri ýokary derejede alyp barmak üçin Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzakmöhletleýin we «Awaza» sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary döredildi. Şeýlelikde, türkmen olimpiaçylary Tokioda guraljak sport baýramyna ykjam taýýarlyk gördüler. 

TOKIO OLIMPIADASYNA GATNAŞJAK TÜRGENLERIŇ SANAWY

Ýeňil atletika: Mergen Mämmedow (Ýekedaban zyňmak)    
Suwda ýüzmek: Darýa Semýonowa (100 metr, brass ýüzmek usuly)    
Suwda ýüzmek: Merdan Ataýew: (100 we 200 metr arkanlaýyn ýüzmek)
Dzýudo: Gülbadam Babamyratowa (52 kg)        
Agyr atletika: Polina Gurýewa (59 kg)        
Agyr atletika: Kristina Şermetowa (55 kg)        
Agyr atletika: Öwez Öwezow (109 kg)        
Agyr atletika: Rejepbaý Rejepow (81 kg)        
Agyr atletika: Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kg)        
Agyr atletika: Çary Mämmedow (emin)            
 
«7/24.tm»