Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Pres Reliz

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda geçirilen “Türküstan – Türk dünýäsiniň hüwdisi” atly Halkara ýaş liderleriň maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu Forum Gazagystan Respublikasynyň maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň goldamagynda guraldy. 
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Türki dilli hyzmatdaş döwletleriň Geňeşiniň resmi däl sammitinde Gazagystan Respublikasynyň Türkistan şäheri “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilendigi barada www.toppress.kz web-saýty habar berýär.