03.06.2021. Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.
Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady. Milli Liderimiz bellenen ýoly ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk hem-de hemmetaraplaýyn kämilleşmek üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.