Soňky habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyň rus dilinde neşir edilmegi okyjylaryň giň köpçüligine Aşgabadyň baý taryhynyň ähmiýetli sahypalary, şäheriň binagärlik aýratynlyklary we gözelligi, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynyň geljegi bilen ýakyndan tanyşmaga mümknilik berýändigini nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

www.mfa.gov.tm