Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynyň birinji ýaryşynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazanyp, iki altyn medaly eýelediler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«ITF Asia 14&U Development Championship – (West & Central Asia)» ýaryşy dünýäniň 13 ýurdundan – Bahreýnden, Iordaniýadan, Yrakdan, Ýemenden, Katardan, Kuweýtden, Liwandan, Omandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Palestinadan, Saud Arabystanydan, Täjigistandan we Türkmenistandan gelen wekilleri bir ýere jemledi. Olar iki hepde dowam edýän Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynyň ýaryşynda medallar ugrunda bäsleşýärler. Biziň ýurdumyza bu bäsleşikde 4 türgen wekillik etdi.

Ýekelikdäki ýaryşda Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol finalda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň wekili Aýasofiýa Gokaşaudan üç döwde 0:6, 6:1, 6:3 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş gazandy.

Bu şatlykly üstünligiň üstüne türgenimiz jübütleýin ýaryşda 12 ýaşly Sülgün Işangulyýewa bilen bilelikde ýene bir altyn medaly goşmagy başardy. Ýaryşyň bu görnüşiniň finalynda türkmen tennisçileri Liwan Respublikasynyň türgenleri Mariýa El Haçaçeni we Mariam Kamareddineni iki döwde 6:3, 7:5 hasabynda ynamly ýeňip, iň ýokary sylaga mynasyp boldular.

Türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarydyr.