Golaýda ildeşimiz Jora Öwezmyradow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Dubai International Doka Cup 2026» atly halkara karatedo ýaryşynda ýeňiji boldy.
55 kilograma çenli agram derejesinde kumite görnüşi boýunça çykyş eden J.Öwezmyradow altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Ýaryşa dünýäniň 18 ýurdundan 700-e golaý türgen gatnaşdy. Netijede bir altyn medal bilen ýurdumyzyň baýrak gaznasy baýlaşdy.
Elbetde, şeýle abraýly ýaryşlar ýaşlaryň tejribeleriniň artmagyna hem giň mümkinçilik döredýär. Jora Öwezmyradowyň üstünlikli çykyşy eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilip berilýän giň şertleriň nobatdaky görkezijisidir.
«Türkmen sporty» gazeti