Soňky habarlar

Milli mirasymyza buýsanç döreden duşuşyk

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky  sport mekdeplerinde we sport desgalarynda ýurdumyzda bellenilýän milli baýramlara we beýleki şanly wakalara gyzgyny bilen seslenilýär. Olimpiýa suw sport toplumynda hem bu babatda meýilnamalaýyn işler durmuşa gerçirilýär.

Golaýda Aşgabat şäheriniň 140 ýylylgy mynasybetli gutlag çäresi geçirildi. Olimpiýa suw sport toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda guralan bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň adyna adyna alkyşlar aýdyldy. Bu çäre «Sport» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» ady bilen duşuşykda bolsa milli mirasymyza bolan söýgi buýsanç bilen beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda «Altyn asyr» teleýaýlymy arkaly hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan alnan Ogulabat ejäniň el işlerine bagyşlanan kompozisiýa tomaşa edildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Olimpiýa suw sport toplumynyň işgärleri «Altyn asyr» teleýaýlymynda görkezilen Ogulabat ejäniň milli mirasymyza goşýan goşandyny beýan edýän gepleşiginden soňra özara pikir alyşdylar. Olimpiýa suw sport toplumynda geçirilen çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy wagyz etmekde halkymyza görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejä alkyş aýtdylar.

 Döwran HÜMMEDOW,

Olimpiýa suw sport toplumynyň direktory.