Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde neşir edilmegi, 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýowiň ýurdumyza amala aşyran sapary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň uly mejlisler zalynda guralan maslahata sport ulgamynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri Gulmyrat Agamyradow açyp, duşuşyga gatnaşýanlary hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde çap edilmegi bilen gutlady we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti hakynda gürrüň berdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy Öwezmuhammet Atalyýew, Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň direktory Döwran Hümmedow, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi Ýazbike Öwezowa dagylar hem çykyşlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar ata Watanymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.