Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka, Türkmenistanyň Baştutanyna goýulýan çuňňur hormat, täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine milli Liderimiziň goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi