Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň dabaraly açylmagy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşy, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly başlangyçlarynyň, alyp barýan demokratik ýörelgelerden ugur alýan özgerişlikleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn seslenmesine eýe bolýandygyny buýsanç bilen dile getirdiler.
Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, bölüm başlyklary, hünärmenleri, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň we sport desgalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar häzirki wagtda ýetilýän belent sepgitleriň hemmesiniň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
«7/24.tm»