Gazagystanyň çempionatynda çykyş edýän «Kaspiý» klubynyň türkmenistanly legioneri Ruslan Mingazow täze toparynyň düzümindäki 1-nji goluny tora saldy. Bu barada «www.fccaspy.kz» saýty habar berýär.
Çempionatyň 3-nji tapgyrynda «Kaspiý» «Žetysu» bilen duşuşyp, 2:0 hasabynda üstün çykdy. Aktau şäherinde geçirilen duşuşykda Mingazowyň çykyş edýän topary şu çempionatdaky ilkinji ýeňşini gazandy.
Hasaby 12-nji minutda tunisli legioner Waýdi Sahli açdy. Ol 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy 82-nji minutda tapawutlanyp, oýnuň soňky nokadyny goýdy.
Aktau şäheriniň «Kaspiý» topary 3 tapgyrdan soň 4 utuk toplap, 5-nji orna geçdi.
4-nji tapgyrda (09.04.2021) «Kaspiý» myhmançylykda «Kaýsar» bilen duşuşar.
www.msy.gov.tm