Möwsümiň iň soňky, jemleýji oýny bolan Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygyna ýurdumyzyň futbol muşdaklary uly gyzyklanma bilen garaşýardylar. Bu, elbetde ýöne ýerden däldi. Möwsümiň dowamynda diýseň gyzgalaňly hem-de owadan oýun görkezen, ýöne çempionatyň ahyrynda, hatda öňdäki üçlüge hem düşüp bilmedik «Köpetdag» öz şöhratly taryhyndaky ýeňişli ýollaryna gaýtadan dolanyp gelermikä ýa-da Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda diňe ýeňiş gazanýan, soňky ýyllarda ýurdumyzda taý tapylmaýan «Altyn asyr» ýeňişli ýoluny dowam edip, özüniň nobatdaky çempionlygynyň üstüne kubogy hem goşarmy? Bu sowala birbada jogap beräýmek aňsat däldi.
Elbetde, futbol bilermenleriniň aglabasy bu duşuşykda «Altyn asyryň» ýeňiş gazanmagyna garaşýardy. Olaryň aýdýanlarynyň jany ýogam däldi. Çünki «Altyn asyr» tejribeli, onuň oýunçylary futbol meýdançasynda garşydaşlaryna garanyňda «bir sanaç uny artykmaç iýen», olar munuň ýaly final duşuşyklaryny şu gün görmeli däl.
Ýöne beýleki bir tarapdanam, «Köpetdagyň» ýaş oýunçylarynyň bu duşuşykda ýeňiş gazanmaga höwesiniň juda güýçlidigi, olaryň ýeňiş üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajaklary görnüp durdy. Şonuň üçin hem duşuşyk hakda öňünden bir zat diýäýmek çetindi, iň gowusy «Meýdança tekiz, top togalak, onuň nirä togalanjagyny bolsa bir gudraty güýçli bilýär» diýip, garaşandan gowsy ýokdy.
Oýun bolsa garaşanyňa degýän oýun bolup çykdy, tekiz meýdançadaky topam futbol muşdaklarynyň ýüreklerini gopduryp, togalanma kemini goýmady. Şeýlelikde, oýnuň esasy wagtynda hiç tarapa hem artykmaçlyk gazanmak başartmady. Oýundan soňky 11 metrlik urgulary bolsa «Altyn asyryň» oýunçylary has dürs ýerine ýetirip ýeňiş gazandylar. Munuň özi ýurdumyzyň çempionynyň möwsümi goşa ýeňiş bilen tamamlaýandygyny görkezdi.