Soňky habarlar

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» rus dilinde çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary döwletlerde hem giň meşhurlyga eýe boldy.

Ýakynda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň umumydünýä siwildizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän eseri rus diline terjime edildi.

Täze neşiriň çap edilmegi barha berkeýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy.

Soňky ýyllarda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini berkitmäge ýardam edýän ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryna ýurtlarymyzyň halklarynyň gatnaşyklary giňeldilýär.

Bu ajaýyp eser jemgyýetiň baýlygyna öwrülip, rus dilli ilat üçin uly ähmiýete eýe bolar.