Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Finalçylar belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalynda çykyş etjek toparlar belli boldy. Bu abraýa ýarym final duşuşyklarynda «Ahal» hem-de «Şagadam» toparlaryndan üstün çykan «Altyn asyr» bilen «Köpetdag» toparlary mynasyp boldular.

Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn asyr» «Ahaly» 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlanypdy (2:0).

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» «Köpetdag» bilen geçiren duşuşygyny 1:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Paýtagtymyzda geçirilen birinji duşuşykda «Köpetdag» uly hasap bilen (6:1) ýeňşini baýram edendigi sebäpli paýtagtymyzyň topary finala çykmagy başardy.

«Altyn asyr» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky final duşuşygy 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçiriler.