Soňky habarlar

Sportda gazanylýan üstünlikler halkara sergide

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geirilýän Halkara sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen guralýan bu sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrylýar.

Şanly baýramçylygyň öňüsyrasy geçirilýän bu sergide sport ulgamynyň gazanan belent sepgitleri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň diwarlygynda öz beýanyny tapdy. Şol  diwarlykda ýurdumyzyň türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda gazanan netijeleri, ýaryş pursatlaryndan alnan suratlar, kubokdyr medallary ýerleşdirilipdir.

Sport ulgamynda gazanylýan belent sepgitlere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleriň hem mynasyp goşant goşýandyklaryny aýtmak gerek. Sport hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebiniň talyp türgenleriniň gazanan netijeleriniň sanynyň has köp bolmagy ýurdumyzda ýokary derejeli sportuň täze belentliklere tarap gadam basýanlygyny görkezýär. 

Şamyrat KARATAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallym-öwrenijisi.