Soňky habarlar

Agyz-burun örtüklerini dogry ulanýarsyňyzmy?!

Agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, diňe özümizi däl, eýsem, daş-töweregimizdäkileri hem keselleriň ýokuşmagyndan goraýandygymyzy unutmaly däldiris!

Aslynda, agyz-burun örtüklerini köplenç saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri peýdalanýarlar. Emma agyz-burun örtükleri diňe bir lukmanlaryň iş serişdeleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, dürli ýokanç kesellerden we howadaky tozan bölejiklerinden goranmagyň hem ygtybarly usullarynyň biridir.

Agyz-burun örtükleri daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan şeýle örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr.