Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň hatarynda müň derde derman hasaplanýan üzärlik barada hem giňişleýin maglumat berilýär.
Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokanç we deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdalydyr.
Üzärligiň tüssesiniň adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok edýändigi köplere mälimdir. Adamlaryň köp üýşýän ýerinde üzärligi tütetmegiň esasy maksady döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Oba hojalygynda ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy ulanmakda hem üzärligiň peýdasy uludyr.