Merjen şäherimiz Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly heýkel oturdyldy. Ol türkmen halkynyň mill igymmatlygymyz hasaplanýan alabaýlarymyza bolan söýgüsiniň janly şaýadyna öwrüldi.
Alabaýyň heýkelini oturtmak, şeýlelikde, bu ajaýyp hem-de gaýduwsyz we mähirli ýüregi bolan alabaýlara hormat-sarpa goýmak, milletiň tayhynda hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny aýratyn bellemek başlangyjy milli Liderimiziň hut özüne degişlidir.
Alabaý batyrlygy, gaýduwsyzlygy hem-de eýesine juda wepalylygy bilen tanalyp, ol ojagyň sakçysy, şol bir wagtda olary dost tutunýan çagalara hem örän mähirli sypatlary bilen bellidir.
Olar türkmen halkynyň hormatyna we söýgüsine eýe bolup, häzir hem doly hukukly maşgala agzalaryna deňelýär. Alabaýyň «Aşgabat 2017» oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir, şol oýunlar tamamlansa-da, Wepaly sport ýeňişleriniň we sport ruhunyň baş tumary bolup galdy.