Soňky habarlar

Bowling oýnamagyň peýdasy

Adamlaryň bowlingi 4000 ýyl bäri oýnap gelýändiklerini bilýärsiňizmi? Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi dünýäniň iri ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly uly meşhurlyga eýedir. Bu oýnuň kömegi bilen oýun oýnalýan ýeriň eýeleri ençeme milliard girdeji alýarlar. Bouling oýnamak gyzykly, onuň üstesine hem bu oýun siziň saglygyňyza-da oňyn täsirini ýetirýär.

Bouling bedende madda çalşygyny tizleşdirýär hem-de horlanmaga kömek edýär. Oýun uly bolmadyk meýdança-da geçýän bolsa-da, dynuwsyz hereket edilmegi artykmaç ýaglaryň işlenilmegine ýardam edýär.  

 Diňe ABŞ-da bowlingiň muşdaklarynyň 2 milliony her hepde biri-biri bilen duşuşýar.  

Oturyp işlenilmegi, az hereketlilik ýürek-damar keselleriniň ösmegine getirýär. Islendik beden maşklary, şol sanda bowling bilen meşgullanmak ýürek agyry (infarkt), beýnä gan inmesi (insult), süýji (diabet) keselleriniň ösüşini bökdeýär.

Boulingiň düzgünleri çagalara hem düşnükli. Bouling merkezine maşgala bolup gitmek siziň maşgalaňyzda asylly däbe öwrüler.

Bouling şaryny tigirleýän mahalyňyz size görüş-hereket sazlaşygy zerur bolup durýar. Bu bolsa akyl işjeňliginiň, ünsliligiň ösüşine ýardam edýär.

«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy.