Siz bilýardyň sport görnüşi hökmünde adama peýdasy hakynda pikirlenip gördüňizmi? Ol adamyň haýsy başarnyklaryny ösdürýär? Nämä peýdasy bar?Bu sowallara jogap hökmünde birgiden ylmy işleri, alymlyk dissertasiýalaryny ýazmak bolar. Ýöne biz size muny gysgaça düşündirmekçi.
Bilýard adamyň akyl, paýhas we beden taýdan ösüşiniň hemmetaraplaýyn ýüze çykmagyna ýardam edýär.
Oýunçy bir oýnuň dowamynda, stoluň daş-töwereginde takmynan 2-3 kilometr aralyga, käbir halatlarda bolsa ondanam köp gezmeleýär.
Bilýard oýnaýan adamlaryň ýüregi we öýkenleri sagat bolýar.
Bilýard oýnunda göz çaky, hereketiň tizligi, takyklygy we sazlaşygy ösýär.
Bilýard gyzma häsiýetli adamlar üçin hasam peýdalydyr, çünki ol adamda saabyr-takatlylygy ösdürýär.
Bilýard adamda sowukganlylygy terbiýeleýär.
Bilýard nerwleriň dartgynlylygyny gowşadýar, şonuň üçin hem ol dynç almak, ruhy taýdan rahatlanmak üçin örän ajaýyp serişdedir.
«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy.