Soňky habarlar

Geljegi nazarlaýan tutumlar

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmen hünärmenleri halkara ýaryşlarynda çykyş etmek maksady bilen, türgenleşmek işlerini dowam edýärler. Biziň milli ýygyndy toparymyz 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Olimpiýa şäherjiginde sportuň 7 görnüşi boýunça türgenleşýärler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli sportuň awtomobil görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 65-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak Maksatnamasyna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.