Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

 Türkmenistan Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna goşulýar

Türkmenistan Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň (FIMS) agzalygyna girmek boýunça işlere girişýär. Degişli teklip bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Halkara sport lukmançylygy federasiýasy – bu dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň sport lukmançylygynyň milli assosiasiýalarynyň işini birleşdirýän Halkara jemgyýetçilik guramasydyr.