Skandinaw ýörişi bedenterbiýe maşklarynyň täze görnüşi bolup, häzirki döwürde giňden ýaýrandyr. Skandinaw ýörişi adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň bir görnüşi bolup, ony ýylyň ähli paslynda ýerine ýetirip bolýar.
Bu ýörişde bedeniň ýokarky we aşaky böleginiň ähli myşsalary işe girişýär, ýöne aýaklara agram salynmaýar. Bedenterbiýe ýörişiniň bu görnüşini horlanmak maksady bilen hem ýerine ýetirmek bolýar.
Skandinaw ýörişinde ulanylýan taýaklaryň kemerjiginiň berkidilýändigi üçin ele berilýän basyşy deň paýlaýar. Netijede, barmaklarda gan kadaly aýlanýar. Skandinaw ýörişi ýerine ýetirilýän wagty dem alyş ritmiki ýagdaýda bolýar we bedeniň artyk kaloriýasyny ýakmaga ýardam edýär.
Ondan başga-da, osteoporoz, ýürek keselleri, newrozy, ukusyzlygy we depressiýa ýaly keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir.
Şeýle-de, ýörişiň bu görnüşi bilen gartaşan we az hereketli adamlara meşgullanmak maslahat berilýär.
Güljahan ÝALKAPOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sporuň mediki-biologiki üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy