Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly senesi mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.
Institutyň mejlisler zalynda guralan we ýokary derejede geçirilen dabara mugallymlardyr professorlar, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň şa ýoluna çykaran hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitler her bir watandaşymyzy ganatlandyrýar. Şonuň üçin hem dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
«Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary, döwrebap röwüşdäki sazlary dabaranyň täsirini artdyrdy.
Näzik SAPAROWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.