Sport baýramy – bu jümle her birimize tanyşdyr. Diňe bir tanyşam däl, eýsem ol durmuşymyza mäkäm ornaşandyr. «Türkmenistan – sport ýurdy» diýen ganatly jümläniň mysalynda biz bu hakykatyň many-mazmunyna has çuňňur düşünýäris. Şonuň üçinem, bu günki gün her bir ildeşimiz agzybirlik bilen sporty we bedenterbiýäni öz durmuşlarynda şöhlelendirmek üçin yhlas edýärler.
Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sport klubynyň guramagynda hem köp sanly sport çäreleridir ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşleriň ençemesi boýunça çykyş edip, bilim ojagymyzyň sport abraýyny goradylar.
Her bir ýaş ýigidiň we gyzyň sporty hemişelik hemrasyna öwürmegi boýunça alnyp barylýan işleriň öz miwesini berýändigini Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň mysalynda bilýäris. Munuň özi biziň sapaklarymyza oňat ýetişmegimize-de, täze dersleri özleşdirmegimize-de, saýlap alan hünärimize ölde bolmagymyza-da öz täsirini ýetirýär. Esasan hem milli oýunlarymyza bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny bellemek gerek. Milli oýunlary çaga wagty ürç edip oýnan nesilleriň ösüş taýdan has durnukly bolýandygyny halypalarymyz öz durmuş tejribelerine daýanyp düşündirýärler.
Ýaşlaryň arasynda milli oýunlara, şol sanda hereketli oýunlara islegiň artmagy hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni ösdürmek, sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerine goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň hemmesiniň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys.
Gyzylgül MOMMYÝEWA,
Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.