Berdinazar Hudaýnazarowda «Wagtyň özünden-de öňe gitdik biz» diýen setir bar. Milli ýygyndymyzyň ezber hüjümçisi Wahyt Orazsähedow hakynda-da şol jümläni ulanyp bolar. Geçen möwsümde Gyrgyzystanyň «Dordoýynda» netijeli çykyş edip, häzirki wagtam Täjigistanyň «Istiklol» toparynda meýdança çykýan ildeşimiz möwsümiň başynda Täjigistanyň super kubogyny gazanmagy başardy. 3 ýylda 3 ýurtda ýagny, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda kubok gazanmagy başaran ildeşimiziň görkezen netijesine islendik futbolçy gözügidijilik bilen seretse gerek. Ýene bir bellemeli zat, Wahyt Türkmenistan boýunça 2020-nji ýylda ilkinji bolup kubok gazanan futbolçy. Baýrak gazanmakda ildeşimiz şeýle bir üstünlige eýe welin, ony hasaplamaga hatda matematikanyň özem ejiz geläýse gerek. Super kubok ýylda bir gezek berilýär. Wahyt bolsa ony 9 aýyň içinde 2 gezek almagy başardy. 2019-njy ýylyň iýulynda Gyrgyzystanyň, 2020-nji ýylyň aprelinde bolsa Täjigistanyň super kubogyny gazandy. 1 ýyla ýetmän iki kubok. Bizem möwsümiň başynda kubok gazanan ildeşimize gysgajyk söhbetdeşlik arkaly «Gutly bolsun!» diýmek isledik.
— Wahyt, nobatdaky üstünligiň gutly bolsun! Heniz Täjigistanyň çempionatyna başlamazdan öň «Istiklolyň» düzüminde 2 oýunda çykyş edip, ikisinde-de ýeňiş gazandyňyz. Dogry, 2 oýnam şol bir topar, ýagny «Hujand» bilen boldy, ýöne olaryň birinjis-ä AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn oýunlarynyň çägindäki möhüm üç utugy getirdi. Ikinjisem, şanly super kubogy getirdi.
— Sag boluň. Hemmelere nesip etsin! Täze topardaky başlangyç hakynda aýtmaly bolsa özüm-ä kanagatlanýaryn. Bir topardan beýleki topara geçenden soň, birbada esasy düzüm bilen öwrenişip gitmek kyn. Hersi başga ýurduň topary bolsa-ha, asylam aňsat däl, sebäbi her çempionatyň öz aýratynlygy bar. Ol ýagdaýam öz täsirini ýetirýär. Ýöne Täjigistanda meni gowy kabul etdiler. Bu ýerde doganlar Jalilowlar maňa öňden tanyş, olar bilen Kazanyň «Rubin» toparynda bile çykyş edipdim. Topara çalt öwrenişip gitmegimde, olaryň goldawy uly boldy. Nesip bolsa, «Istiklolda» agzybir topardaşlarym bilen uly maksatlara ýeteris — diýip umyt edýärin.
— Wahyt, ýokarda 2 sany oýun diýip agzadyk. Şol 2 oýun tutuş Orta Aziýanyň üns merkezinde boldy — diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Sebäbi ýalňyşmasam, Özbegistandan 5 legioner «Hujandda» oýnaýar. «Hujand» bilen «Istiklol» bolsa Gyrgyzystanyň «Dordoýynyň» we biziň (Türkmenistan) «Altyn asyrymyzyň» gönüden-göni AFK-nyň kubogynyň toparçasyndaky garşydaşlary bolup durýar. Şonuň üçinem, ol oýunlar Orta Aziýada üns merkezde boldy. Umuman, şol 2 oýunda siz («Istiklol») kanagatlanarly netije gazandyňyz. Ýöne oýnuň derejesi hakynda näme aýdyp bolar? Meselem, men şol 2 oýunda 2 hili «Hujandy» gördüm.
— Netije hakynda ýokarda aýtdyk. Siziň diýjek bolýanyňyza-da düşündim. Uzak arakesmeden soň oýna girişmek, islendik topara-da kyn düşýär. Köp pursatlarda ýalňyş top gönükdirmeler, ýönekeýje ýerde topy kabul edip bilmezlik ýaly zatlar uly möwsüm gyzyşyp gidýänçä bolýan ýagdaý. Üns beren bolsaňyz, ikinji oýunda 2 toparam has anyk hereket edendir. Meselem, «Hujandyň» heniz 2-nji minutda gol geçirmegi, eýýäm toparyň öňki oýnuna garanyňda, has taplanyp ugrandygyny aňladýar we bu ýagdaý oýundan oýna kämilleşip gider. Şol ýagdaýlary göz öňüne tutup, oýunlar çekeleşikli we iki topara-da kyn boldy diýesim gelýär.Ýeňilse-de, «Hujandam» gaty gowy oýun görkezdi.
— Super kubogyň oýnunda siz garşydaş futbolçynyň ýykan pursatynda eminden 11 metrlik jerime sorapdyňyz. Meniň pikirimçe, şol pursat jedelli ýagdaýdy. Siz-ä jerime meýdançanyň içine ýykyldyňyz, ýöne pökgi öňüňizdedi, ýagny jerime meýdançanyň daşyndady. Ýalňyşmasam, garşydaşyň hem arka tarapdan gelip çekdi öýdýän?! Şu wagt nähili pikirde, emin 11 metrlik jerime urgusyny bellände adalatly bolarmydy?
— Ýok, baş emin bilen ylalaşýan. Futbolçynyň oýun wagty penalti soramagy, ýagdaýa diňe öz gözi bilen seretmegi bolýan zat. Emma emin bitarap göz bilen seredýär. Onsoňam, topardaşlarym maňa: «Çyzygyň üstünde ýykyldyň» diýdi. Ine, sizem içinde diýýärsiňiz, telewizorda her kime her hili görünmegem ahmal.
— Wahyt «Altyn asyrda», «Dordoýda» oýnap gören we «Istiklolda» oýnaýan, şeýle-de «Hujanda-da» gaty belet futbolçy hökmünde olaryň ýerleşen toparçysy hakynda näme aýdyp bilersiňiz, haýsynyň mümkinçiligi nähili?
— Meniň pikirimçe, olaryň hemmesiniň mümkinçiligi gyradeň. Ýöne bir bellemeli zat, hemmesem geçen ýyldakysyndan has gowy oýun görkezer, sebäbi toparlara gelip goşulan legionerleriň derejesem öňkülere garanyňda, ýokary diýsem ýalňyşmaryn. Duşuşyklar has gyzykly bolar we netijede janköýerler biri-birinden çekeleşikli oýunlara tomaşa ederler.
— Gyrgyzystanda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda 26 top bilen birinji orny eýeläpdiňiz. Golaýda, internet habarlarynda beýan edilişine görä, «Täjigistanyňam çempionatynda iň köp pökgi geçirmegi ahmal» diýlip çaklanylýan futbolçylaryň arasynda bar ekeniňiz...
— Hemme hüjümçiniň wezipesi gol salmak. Men ol çaklamalar hakynda kän pikir edemok. Esasy zat meniň däl-de, «Istiklolyň» köp gol salmagy zerur. Futbol — toparlaýyn oýun, esasy zat, topar bolup jebisleşip maksada ýetmek.
—«Istiklolda» öňde goýan maksadyňyz hakynda-da gürrüň edäýeli?!
— Topar öňünde has uly maksat goýdy, ýagny mümkin bolan ähli baýragy gazanmak. Menem öz gezegimde «Istiklolda» alyp boljak ähli baýraklary gazanmagy maksat edinýärin, galanynam, nesip bolsa, wagt görkezer.
— Wahyt, häzirlikçe sag bol, entekler kän söhbet ederis. Bu bir «Super kubok gutly bolsun!» diýmek üçin salamlaşyk diýen ýalyrak duşuşyk. Işleriňizde üstünlik arzuw edýäris!
— Sizem sag boluň!
Söhbetdeş bolan Merdan BAÝAT,
sport synçysy.