Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sport üstünlikleriniň sergisi

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Lebap welaýatynyň türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy.

Sergä Lebap welaýatynda okaýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, sportuň görnüşleri boýunça tejribeli türgenler hem-de tälimçiler gatnaşdylar.

Lebap welaýatynyň türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

www.msy.gov.tm