Çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty uly ösüşlere beslenýär. Oňa Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli, birek - birege hormat goýmak esasda ýola goýan gatnaşyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gatnaşyklaryň özeninde ýurdumyzyň parahatsöýüjilik, bitaraplyk syýasaty durandyr.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, biragyzdan goldanylan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky kararnamalary Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde halkara hukuk ýagdaýyny berkitdi.
Bu waka taryhy ähmiýete eýedir, çünki Bitaraplyk – Türkmenistanyň halkara giňişliginde işjeňliginiň esasyny düzdi we döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny düzýän ýörelgeleri kesgitledi.
Türkmenistanyň bitaraplygy onuň milli bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär hem-de özygtyýarlylygyny, milli howpsuzlygyny we ykdysady garaşsyzlygyny berkidýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky taryhy kararnamalary, Türkmenistanyň daşary syýasy modelini kesgitlemekde soňky ädim bolup çykyş etdi.
Halkara tejribesinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy – ýeke-täkdir.
Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy özüniň derejesiniň ýuridiki taýdan berkidilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamalary döwletimiziň hiç-hili harby bloklara goşulmazdan dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen garaşsyz daşary syýasy mümkinçiligini ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretdi.
Bitaraplygyň türkmen nusgasy şu wagta çenli hereket eden bitaraplyk institutyň keşbini düýbünden üýtgetdi, çünki häzirki zaman halkara hukugyny parahatçylyk hukugy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Eger taryhda bir döwletiň bitaraplygy birnäçe döwletiň ylalaşmagy esasynda alynan bolsa, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi – onuň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna hiç hili howpuň abanmaýan şertlerinde, ýagny döwletiň meýletin öz erkiniň netijesinde amal edildi.
Döwletimiziň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesi halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda ählumumy ykrar edilen görnüşde bolmak bilen, özüniň kämilligi boýunça iň ýokary derejäni eýeleýär. Halkara hukugynda bar bolan kesgitlemelere görä, Türkmenistanyň bitaraplygy:
Gelip çykyşy boýunça – ykrar edilendir, munuň özi BMG-nitň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly kararnamasy, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasy Yslamabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň üçünji duşuşygynyň jemleri boýunça Yslamabat jarnamasy, 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 11-nji konferensiýasynyň Jemleýji namasy bilen tassyklanylýar;
Türkmenistanyň bitaraplygy, görnüşi boýunça – hemişelikdir, ýagny wagt bilen çäklendirilmeýär we uruş wagtynda bolşy ýaly, parahatçylyk wagtynda hem hereket edýär;
Türkmenistanyň bitaraplygy - mazmuny boýunça – oňyndyr, munuň özi parahatçylygy we durnuklylygy goldamagyň, döwletleriň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerinde döwletiň işjeň çemeleşmegini aňladýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy milli kanunçylygymyzda hem öz beýanyny tapdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.
Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýip bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2 gezek kabul eden taryhy ähmiýetli bu Kararnamalary Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyny dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni, Ministrligiň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
(dowamy bar)