Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň: «XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemelidir» diýen tabşyrygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde ýaşlarda mirasa söýgini terbiýelemek, türkmen milli oýunlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda oňa gatnaşmak üçin isleg bildirýän ýaşlar «Milli oýnum – buýsanjym»atly şygar astynda türkmen milli oýunlary, olaryň taryhy, görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, milli oýunlar boýunça guralýan çäreler dogrusyndaky materiallaryny žurnalistiki žanrlaryň islendik görnüşinde beýan edip bilerler.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşige hödürlenýän materiallar 2020-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli «turkmen-youth@online.tm» we «turkmenistansport@list.ru» resmi elektron poçta bukjalarynyň salgylaryna ugradylmaly. Hödürlenen talabalaýyk materiallar we maglumatlar «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda çap ediler, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syyasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi internet saytlarynda ýerleşdiriler.
Dürli žanrlarda, täsirli materiallary bilen yzygider çykyş eden ýaşlar eminler tarapyndan baha berlende artykmaçlykdan peýdalanarlar.
Materiallary çap etmek «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ygtyýaryna berilýär.
Eminler topary ony guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we gymmatbahaly baýraklar bilen sylaglanar. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Bäsleşigiň jemi milli Garaşsyzlyk toýumyzyň toýlanýan günlerinde jemlener.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-88-68; 56-65-73;