Soňky habarlar

Saglyk ýoly aşgabatlylaryň höwes bilen dynç alýan ýerleriniň birine öwrüldi

Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoly aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň höwes bilen dynç alýan ýerleriniň birine öwrüldi. Ol ýerde köpçülikleýin sport we medeni çäreler yzygiderli guralyp durulýar.

Dagyň belentliginden Aşgabat şäheriniň ajaýyp görnüşine gözüň düşýär. Ol ýerde ak mermere beslenen ajaýyp şäherimizi buýsanç bilen synalmak bolýar.

Biziň ýurdumyzda tebigaty goramaga biçak uly üns berilýär. Ol Türkmenistanyň durnukly ösüşini alamatlandyrýan möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak meselesine örän uly üns berilýär.

Eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bag ekmek özboluşly ýörelgä öwrüldi. Şeýle çäreler paýtagtymyzda we welaýatlarda yzygiderli geçirilip durulýar. Şol sanda Saglyk ýolunyň daş-töwereginiň hem bagy-bossanlyga öwrülendigi bu babatda edilýän aladanyň öz miwesini berendigini görkezýär.