Soňky habarlar

Ante Mişa Ispaniaýda çykyş edýän goragçyny Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrdy

BAE-de okuw-türgenleşiklerini geçirýän Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny Malaýziýanyň çempiony «Johor» topary bilen geçirdi. Bu duşuşykda çykyş eden oýunçylaryň 9-sy

(Möwlamberdi Goşşanow, Mekan Aşyrow, Nazar Töwakelow, Akmämmet Metdäýew, Meýlis Diniýew, Baýramgeldi Nurlyýew, Ata Geldiýew, Oraz Ataýew) ilkinji gezek milli ýygyndynyň düzüminde meýdança çykdy. Olaryň biri Ispaniýanyň «Cultural Leonesa B» toparynyň goragçysy Oraz Ataýew. Ol milli ýygynda çakylyk almak bilen bagly başdan geçiren tolgunçly pursatlaryny okyjylar bilen paýlaşýar.

— Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän Leon şäheriniň «Cultural Leonesa B» toparynda çykyş edýärin. Bu toparda çykyş edip ýörenime indi iki ýyla golaý wagt boldy.

Milli ýygyndymyzyň düzümine ikinji gezek çakylyk aldym. Ýygyndy topardaky ilkinji çykyşymy geçen geçen ýylyň soňky günlerinde Dohada Kataryň olimpiýa ýygyndysy bilen bolan duşuşykda geçiripdim.

Indi, görşüňiz ýaly tälimçiler düzümi BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ynam bildirip, çakylyk iberdiler. Men hem ony höwes bilen kabul etdim.

Özüm ortaky we çep gyraky goragçy hökmünde çykyş edýärin. Toparymda hem uly ynam bildirip, esasy düzümde meýdança çykarýarlar. Tälimçimiz ispaniýaly hünärmen Ramon Gonzalez Exposito bize meýdançada dogry pikirlenmegi hem-de her bir pursada jogapkärli çemeleşmelidigimizi öwredýär. Bu hem oýun wagty özüňi arkaýyn duýmaga uly goldaw berýär.

Milli ýygyndymyz hakynda aýtsam, geljekde ýygyndy toparymyzyň düzüminde gazanyljak uly ýeňişlere goşant goşmak üçin elimden gelenini ederin.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sporta uly üns berilýär. Şol sanda futbol bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Men hem şu pursatdan peýdalanyp hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan işleri üçin hoşallyk bildirýärin!