Soňky habarlar

Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň çempiony «Johor» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

BAE-niň Ajman şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy Malaýziýanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Johor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

«Jebel Ali Coe stadium» stadionynda geçirilen duşuşyk tälimçiler düzümimize milli ýygyndymyzyň dalaşgärleriniň oýnuny seljermäge gowy mümkinçilik boldy.

Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan duşuşykda ýeňiş Malaýziýanyň çempionynyň tarapynda boldy – 2:1. Ýygyndy toparymyzyň goluny oýnuň 53-nji minutynda Akmämmet Metdäýew öz adyna ýazdyrdy. «Johor» toparynyň düzüminde Raşid Safawi (39) bilen Diogo Luis Santo (61) tapawutlandylar. Malaýziýanyň toparynyň iki golunyň hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilendigini ýatladýarys.

 BAE-däki okuw-türgenleşigi 2020-nji ýylyň 4-nji fewralyna çenli dowam eder. Bu döwürde milli ýygyndymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de ikisini geçirer.

Olaryň ilkinjisinde 29-njy ýanwarda ýerli topar bilen, ikinjisinde bolsa Özbegistanyň «Almalygy» (2-nji fewral) bilen duşuşar.