Последние новости

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriniň okuwçylarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklary sagdyn, berk bedenli watana wepaly ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe asylly çäreleri durmuşa ornaşdyrýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran 10698 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistan ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly milli spartakiadanyň we uniwersiadanyň düzüminde bolan sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryny yzgiderli özleşdirýärler.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň suwda ýüzmek, kiçi futbol, wolwýbol, basketbol, gandbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, badminton we tennis (11 görnüşi) boýunça ýaryşlary geçirýär. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy döwlet derejesinde geçirilýän her bir şanly senelere bagyşlap ýagny, Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli sportuň woleýbol görnüşi boýunça, Milli bahar baýramçylygyna bagyşlap “Sagdyn nesil-bagtyýar durmuş” şygar astynda “ Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri” atly tanap çekmek, küşt, woleýbol ýaryşlaryny, Bütündünýä saglyk güni mynasybetli “Biz oguzhan nesli” atly düzzüm, gyzyltaýak, sapanatmak, çekişme, naýzajyklar nyşanada we halka oklamak ýaly türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlary, Beýik ýeňişiň 74 ýyllygy mynasybetli 14-15 ýaşly okuwçylaryň arasynda milli göreş ýaryşyny gurnaýar we geçirýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gyşky we tomusky dynç alyş möwsümlerinde gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde hem-de orta mekdeplerde gurnalan çagalar dynç alyş meýdançalarynda “Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz” “Sport saglygyň girewi” “Kim çalasyn” “Sagdyn nesil bagtyýar durmuş” “Biz bagtyýar çagalar” “Gökdere sagdynlyk mekany” diýen şygarlar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär.

Mundan başgada “Altyn top” futbol ýaryşy, Bütündünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda welosiped ýaryşy geçirildi. 2010-2019-njy ýyllar aralygynda geçirilen “Türkmenistan ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurduň “ atly milli spartakiadanyň sport ýaryşlarynyň jemi boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary 159 sany altyn, 160 sany kümüş, 159 sany bürünç medal gazanmagy başardylar.

Geçirilýän sport ýaryşlary Watan radioýaýlymynyň “Sport dünýäsi” gepleşiginde, Türkmrenistan sport teleýaýlymynda “Ýeňişli ýollar”, Altyn asyr teleýaýlymynda “syýasy gepleşikde” we beýleki habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine wagyz edilýär.