Soňky habarlar

Sport dünýäsinde: ýylyň ilkinji gününiň iň möhüm wakalary

Nadal üç onýyllykda dünýäniň birinji raketkasy bolan ýeke-täk tennisçi

«Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 19 gezek çempiony Rafael Nadal üç onýyllykda reýting boýunça birinji setire çykan ýeke-täk tennisçi boldy. Ispan tennisçisi ilkinji gezek 2008-nji ýylda dünýäniň iň güýçli tennisçisi bolupdy, soňra 2010-2019-njy ýyllarda ol alty gezek №1 tennisçi diýlip yglan edildi.

«Formula-1» 2020-nji ýylyň möwsümi üçin ýubileý logotip bilen tanyşdyrdy

«Formula-1» 2020-nji ýyl üçin çempionatyň 70 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý logotipini sport muşdaklarynyň dykgatyna hödürledi. «Formula-1» çempionaty 1950-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu möhletiň dowamynda sürüjileriň 33-si dünýä çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy, 108 sürüji bolsa Gran-pri ýaryşynyň ýeňijisi boldy. «Formula-1» ýaryşlaryna jemi 150 toparda 764 sürüji gatnaşdy. Täze logotip 6-njy ýanwardan ulanylyp başlanar.

FIFA-nyň ofsaýd ýagdaýynyň kesgitlenişini üýtgetmegi ahmal

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) «oýundan daşardaky ýagdaýy» kesgitlemegi üýtgetmek barada pikirlere garaýar. Ygtybarly çeşmäniň habar bermegine görä, täze düzgünnama laýyklykda hüjüm edýän oýunçy tutuş göwresi bilen goranýan oýunça garanyňda garşydaşynyň derwezesine ýakyn bolan halatynda ofsaýd ýagdaýy hasaba alnar.

NHL Ähli ýyldyzlaryň oýnunda çykyş etjek toparlaryň düzümlerini yglan etdi

Milli hokkeý ligasy (NHL) 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda geçiriljek Ähli ýyldyzlaryň oýnunda çykyş etjek toparlaryň düzümini aýan etdi. Milli hokkeý ligasynyň Ähli ýyldyzlarynyň oýny 2020-nji ýylda Sent-Luisde geçiriler. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berýär. Ýyldyzlaryň ýaryşy 24-26 ýanwarda «Enterprise Center» stadionynda geçiriler.

Wilýa Ýaponiýanyň kubogyny eýelemek bilen öz sport ýoluny bes etdi

«Walensiýa», «Barselona», «Atletiko» toparlarynyň hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Dawid Wilýa öz sport ýolunda iň soňky duşuşygyny geçirdi. Hüjümçi öz çykyş edýän «Wissel Kobe» topary bilen «Kasimeniň» arasynda bolan Ýaponiýanyň kubogy ugrundaky final duşuşygyna gatnaşdy. Habar berlişine görä, Wilýa duşuşygyň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan wagtda meýdança çykdy. 38 ýaşly futbolçy netijeli oýun görkezmäge ýetişmedi, ýöne onda-da bu duşuşyk ispan futbolçysyna öz sport ýolunda iň soňky baýragy getirdi. Duşuşykda «Wissel Kobe» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Internet neşirleriniň maglumatlary boýunça taýýarlandy.